14-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy.
Mejlisde «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy G.Akmämmedow hasabatynda tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýänlere hödürlenýän awtoulag hyzmatlaryny has-da gowulandyrmak maksady bilen, şol döwürde ýolagçy ulaglaryň täze gatnaw ugurlaryny açmak meýilleşdirilýändigini belledi.
G.Akmämmedow agentligiň işini döwrebap derejede alyp barmak, tomusky dynç alşa taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilen çäreler hem-de ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, onuň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýolagçylaryň, dynç almaga gelýänleriň isleglerini öwrenmek, ýörite sargytlar esasynda dynç alyş möwsüminde Awazanyň içi we şäherara ugurlary boýunça awtobuslaryň gatnawlaryny ýola goýmak meseleleriniň üstünde işlemegi tabşyrdy.
Teswirler