Maslahat Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlandy

“Aşgabat-Aziýanyň merjeni” atly ylmy-amaly  maslahat geçirildi.

Şu gün Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli “ Aşgabat-Aziýanyň merjeni” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

 Maslahata institutyň professor-mugallymlary, talyplary hem-de ýurdumyzda hereket edýän ylmy edaralaryň ymy işgärleri şol sanda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary we binagärler gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ak şäherimiz Aşgabadyň taryhy geçmişi, şu güni, geljegi we Aşgabat şäheriniň ekologik abadançylygy barada gyzykly gürrüňler berdiler. Bulardan başga-da, häzirki wagtda dünýäde ykdysady, sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülen gözel şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, paýtagtymyzyň görküne görk goşmak, ony dünýä tanatmak üçin gijesini gündiz edip alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň il bähbitli, bütinadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Nowruz  KURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara  žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok