Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň “Talyp gözeli-2021”

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň yglan eden ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçiriljek bäsleşige gatnaşjak talyp gözeli seçip almak maksady bilen, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutymyzyň talyp gyzlarynyň arasynda “Talyp gözeli-2021” atly gözellik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige institutymyzyň fakultetlerinden talyp gözelleri gatnaşyp, olar üç şert boýunça özara bäsleşdiler.

Bäsleşigiň şertleri:

  1. Bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlar türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny, Hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz ussatlygyny görkezmek (talyp gyzlar öz isleglerine görä daşary ýurt dillerinde çykyş etdiler;
  2. “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek;
  3. “Hünärim bar – hormatym bar” – bu şertde bäsleşige gatnaşyjy talyp zenan özüniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezmek;

Bäsleşigiň ýeňijileri:

Bäsleşigiň emin agzalary goýlan bahalaryň jeminiň netijede bäsleşigiň ýeňijilerini yglan
etdiler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňiji bolan talyp gözeller:

Baş baýrak we 1-nji orun:

  1. Allaberdiýewa Altyn – Radioaragatnaşyk, radioýaýlym we telewideniýe
    hünäriniň 2-nji ýyl talyby;

2-nji orun:

  1. Tüýliýewa Aýnur- Amaly informatika hünäriniň 2-nji ýyl talyby;
  2. Meretgeldiýewa Ogulmaral- Aragatnaşyk torlary we kommutatsiýa
    ulgamlary-2 hünäriniň 2-nji ýyl talyby;
    3-nji orun:
  3. Annageldiýewa Ogulkeýik – Awtomatlaşdyrma we amaly informatika
    hünäriniň 1-nji ýyl talyby;
  4. Allanurowa Hurma- Maglumat howpsuzlygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby; Bäsleşigiň institut tapgyrynyň ýeňijilerine guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz hem talyp gözellerini mynasyp bolan orunlary bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Baş baýraga mynasyp bolan talyp gyzymyza bolsa “Talyp gözeli-2021” bäsleşiginiň döwlet tagyrynda hem baş baýraga mynasyp bolmagyny arzuw edýäris.

Aýna NAZAROWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň Telekommunikasiýalar
fakultetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok