Dokma senagatyna giň mümkinçilik açyldy.

Düýn Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow pagta süýüminiň dürli görnüşlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine ýerlemäge degişli kararyň taslamasy barada hasabat berdi. 
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda 2021-nji ýylda gaýtadan işlemek üçin 145 557,5 tonna pagta süýümini, 8500 tonna ýüpek pagta süýümini, 200 tonna gysga süýümi hem-de 200 tonna pagta übtügini satyn almagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. 
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak maksady bilen, degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşleriniň bellenilen möçberlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin Dokma senagaty ministrligine degişli bahalardan ýerlemäge ygtyýar berildi.

TDH

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok