Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde ýylyň şygaryna bagyşlanan sergi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyryldy. Birnäçe günläp dowam etjek sergide 50-ä golaý suratkeşiň ýetmişden gowrak işi görkezilýär. Olarda nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, keramika sungatyna degişli eserleri bar.
Sergide Rahman Umarowyň döreden «Agzybirlik» atly nakgaş işi, onda küýzeleriň biri-birine direg bolup, beýikligi döredýän pursady beýan edilýär. Suratkeş Azat Myradowyň «Ürgenç bazary» atly nakgaş işinde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlaryň täjirleriniň Ürgenje gelip, bu ýerde söwda edýän pursatlary beýan edilipdir.
Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň heýkellerine hem giň orun berlipdir. Halypa heýkeltaraşyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly uly göwrümli işinde milli gymmatlyk bolan behişdi bedewleriň bagtyýar geljege tarap okdurylyp barýan pursady beýan edilýär.
Gülara Babaýewanyň «Gelinler» atly keramika işinde türkmen gelin-gyzlarynyň owadanlygy, olaryň milli lybaslarynyň özboluşly gözelligi şöhlelendirilýär.
Teswirler