Palmalar — Aşgabadyň Botanika bagynyň bezegi

Aşgabadyň botanika bagynyň ýyladyşhanasy 8 görnüşli palmalar ýygyndysynyň jemlenen ýeridir. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. Olar: owadan hamedoreýa, hamerops, kanar hurmasy, barmak şekilli hurma, waşingtoniýa, ýüplükli waşingtoniýa, sabal hem-de trahikarpusdyr.

Bu ýerde ilkinji ekilen hurma palmalary — kanar we hakyky görnüşleri hem saklanyp galypdyr. Olar 1962-nji ýylda, heniz 15 ýyllyk nahalka oturdulypdyr diýmek, häzir bu palmalar takmynan 77 ýaşynda bolýar. Şeýle-de bolsa, olara asla gartaşan agaç diýer ýaly däl. Palmalar ösmegini dowam etdirýärler, käbirleri bolsa miwede getirýär. Olar ýyladyşhananyň esasy bezegidir.

Bu agaçlaryň bütin dünýäde 2700 töweregi görnüşi hasaba alnypdyr. Şeýle hem ýer ýüzünde palmalaryň oňat ösmegi üçin amatly şertleri bolan iri iki ýer bölegi bar. Olar Braziliýadaky Amazonka derýasynyň basseýni we Malaý Arhipelagynyň adalar toplumydyr.

Ruhsara Jumageldiýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok