1-10-njy dekabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergi geçiriler. Wise-premýer Çary Gylyjow 12-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde bu barada döwlet baştutanynyň garamagyna forumyň iş meýilnamasynyň taslamasyny hödürledi. Bu barada TDH habar berýär.
Gözden geçirilişiň Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerini giňden görkezmäge gönükdirilendigini bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap interaktiw, multimediýa tehnologiýalaryny ulanmak göz öňünde tutulýar.
Serginiň çäklerinde ylmy-amaly konferensiýalary, wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri, tanyşdyrylyş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Şolaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze ajaýyp mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz milli senenamamyzyň esasy şanly wakalarynyň biri bolan Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere hem-de halkara sergilere görülýän taýýarlyk işlerini makullap, bu ugurdaky işi işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Muhammetoraz Durdyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Teswirler