Türkmen wekiliýeti «Salgyt we ösüş» atly halkara mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 2–3-nji martynda Tokio şäherinde «Salgyt boýunça hyzmatdaşlyk platformasynyň» çäklerinde «Salgyt we ösüş» atly halkara mejlis geçirildi. Bu başlangyç Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döredildi.

Mejlise dürli ýurtlaryň maliýe we salgyt edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara maliýe guramalarynyň wekilleri, bilermenler hem-de halkara guramalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
Duşuşygyň esasy maksady döwletleriň salgyt syýasatyny kämilleşdirmek, salgyt ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ykdysady ösüşi goldamak üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boldy. Şeýle hem ösüş ýolundaky ýurtlarda salgyt dolandyryşyny güýçlendirmek, maliýe serişdelerini netijeli ulanmak hem-de aç-açan ykdysady gurşawy döretmek meseleleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çärä gatnaşyjylar salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly dolandyryşy kämilleşdirmek we ykdysady ösüş üçin amatly şertleri döretmek boýunça tejribe alyşdylar.

Mejlisiň netijesinde salgyt ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, maglumat alyş-çalşygyny ösdürmek hem-de ýurtlaryň ykdysady ösüşine ýardam berýän netijeli salgyt syýasatlaryny öňe sürmek boýunça möhüm pikirler beýan edildi.

Kümüş AÝDOGDYÝEWA,

Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok