2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýtynda habar berilýär.
YHG-nyň agza döwletleriniň arasynda söwda dolanşygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, serhetýaka hem-de sebitleýin söwda mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň möhümdigi bellenildi. Munuň üçin amatly serhetüsti şertleri döretmek, ylalaşylan artykmaçlyklara we ileri tutulýan ugurlara esaslanýan sebitleýin hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek zerur hasap edilýär.
Mejlisde Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň başlangyjy bilen öňe sürlen YHG giňişliginde bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek maksady bilen tehniki-ykdysady esaslandyrma barlagyny geçirmek baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurdaky tejribesi, aýratyn-da Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda döredilip, üstünlikli işleýän bilelikdäki söwda zolagynyň ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berildi. Netijede, degişli tehniki-ykdysady barlagyň Guramanyň Sekretariaty tarapyndan taýýarlanjak ýörite taslama esasynda geçirilmegi teklip edildi.
Bu teklip Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşi tarapyndan goldanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Guramanyň Sekretariaty türkmen tarapynyň başlangyjyny durmuşa geçirmek üçin degişli taslamany taýýarlamaga girişer.
Ejegül ATAGELDIÝEWA,
Mary nebitgaz orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler