Azyk önümleri gaýtadan işlemegiň ykdysady ähmiýeti

Oba hojalygynda öndürilýän çig maly gaýtadan işlemek häzirki döwrüň möhüm ykdysady ugurlarynyň biridir. Sebäbi diňe bir hasyl ýygnamak ýeterlik däl — onuň ýokary hilli, uzak saklanyp bilýän we bazara laýyk görnüşde taýýarlanylmagy hem zerurdyr. Hut şu ýerde azyk önümlerini gaýtadan işlemek pudagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Gaýtadan işlemek arkaly süýtden dürli süýt önümleri, dänäniň dürli görnüşlerinden un we çörek önümleri, miwelerden hem-de gök önümlerden şireler, konserwalar we beýleki taýýar önümler öndürilýär. Şeýle çemeleşme diňe bir önümiň gymmatyny ýokarlandyrman, eýsem täze iş orunlarynyň döredilmegine, içerki bazaryň üpjünçiliginiň güýçlenmegine we eksport mümkinçilikleriniň giňelmegine hem şert döredýär.

Häzirki wagtda dünýä tejribesinde innowasion tehnologiýalar azyk gaýtadan işlemek ulgamynda giňden ornaşdyrylýar. Energiýa tygşytlaýjy enjamlaryň ulanylmagy, hil gözegçiliginiň sanly ulgam arkaly alnyp barylmagy hem-de halkara standartlaryň berjaý edilmegi önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrýar. Şeýlelikde, gaýtadan işlemek diňe bir önümçilik tapgyry däl, eýsem ykdysady ösüşiň möhüm hereketlendirijisidir.

Arslan ÝAZMYRADOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek
hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok