2026-njy ýylyň 4–5-nji fewralynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkek şäherinde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy.
Forum Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümet we işewür toparlaryny jemläp, söwda-ykdysady, maýa goýum hem-de tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirildi.
Çäräniň dowamynda türkmen tarapy B5+1 görnüşindäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny nygtap, Merkezi Aziýanyň bilelikdäki maýa goýum taslamalary üçin uly mümkinçilikleri bolan ösýän sebitdigini belledi. Şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady özgertmeler, işewürlik gurşawynyň kämilleşdirilmegi, sanly ykdysadyýetiň, energetikanyň, ulag-logistika ulgamynyň we beýleki möhüm pudaklaryň ösüşi barada maglumat berildi.
Forumyň çäginde türkmen wekilleri ABŞ-nyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen tegelek stol görnüşindäki duşuşyga gatnaşyp, makroykdysady ösüş, ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek, hususy pudagy goldamak, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, ulag geçelgelerini ösdürmek hem-de ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulyşmak ugrundaky öňegidişlikler barada pikir alyşdylar.
Şeýle-de wekiliýet “SpaceX” kompaniýasynyň “Starlink” taslamasy boýunça global ygtyýarnama we bazar ösüşiniň direktory Rebekka Hanter bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. Gepleşiklerde sanly tehnologiýalar, telekommunikasiýa we häzirki zaman hemra aragatnaşyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.
Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy ýurduň açyk halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, işewür gatnaşyklary berkitmäge we sebitde durnukly ykdysady ösüşe gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmäge ygrarlydygyny görkezdi.
Mähri ATAÝEWA,
Mary nebitgaz orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler