Energetika ulgamy ösüşiň täze belentliklerinde

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigy baýlyklara baý ýurt hökmünde Türkmenistan energiýa serişdelerini diňe ykdysady girdeji çeşmesi hökmünde däl, eýsem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, sebit durnuklylygyny pugtalandyrmagyň möhüm guraly hökmünde ulanýar. Energetika diplomatiýasynyň binýady ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanýar. Bu ýörelge Türkmenistan üçin energiýa hyzmatdaşlygyny syýasy garşylyklardan daşarda saklamaga, ähli hyzmatdaşlar bilen deňhukukly we ynamly gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy köpugurlylyk ýörelgesine esaslanýar. Gaz we elektrik energiýasynyň iberilişi boýunça dürli ugurlaryň ösdürilmegi energiýa bazarlarynyň diwersifikasiýalaşmagyna hyzmat edýär. Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisi, sebitara elektrik üpjünçiligi boýunça amala aşyrylýan taslamalar ýurdumyzyň energetika hyzmatdaşlygynyň diňe bir ykdysady däl, eýsem geosyýasy taýdan hem durnukly häsiýete eýedigini görkezýär. Energetika diplomatiýasy arkaly Türkmenistan energiýa howpsuzlygynyň umumy bähbitdigini öňe sürüp, hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda ynam gurşawyny kemala getirýär.
Energiýa serişdeleriniň daşky gurşawa ýetirýän täsiriniň azaldylmagy energetika diplomatiýasynyň täze ugurlarynyň biri hökmünde öňe çykýar. Gaz pudagynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy, metan zyňyndylarynyň azaldylmagy boýunça halkara başlangyçlara goşulmak ýurdumyzyň energetika diplomatiýasynyň döwrebap häsiýetini görkezýär. Bu çemeleşme ýurt abraýynyň ýokarlanmagyna hem-de halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegine şert döredýär.

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy diňe döwletara gatnaşyklaryň derejesinde däl, eýsem halkara guramalaryň çäginde hem işjeň alnyp barylýar. Energetika howpsuzlygy, durnukly ösüş we ýaşyl energiýa meseleleri boýunça öňe sürülýän başlangyçlar ýurdumyzyň halkara dialogdaky ornuny pugtalandyrýar. Şeýlelikde, energetika diplomatiýasy Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, energiýanyň hyzmatdaşlyk arkaly ösüşe hyzmat edip biljekdigini görkezýär.

Şabibi GARAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok