Ýylyň şygary: Ykdysady ösüşiň täze tapgyry

Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýyl ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan edildi. Bu şygar diňe bir ruhy-ideologik mazmuna eýe bolman, eýsem, ýurdumyzyň ykdysady ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlaryny hem özünde jemleýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan milli ykdysadyýetini ösdürmegiň durnukly modelini kemala getirdi. Ykdysady syýasatyň binýadynda milli baýlyklary rejeli peýdalanmak, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak hem-de önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmak ýaly ugurlar durýar. 2026-njy ýylyň şygary hut şu maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen tagallalary ruhlandyrýar.

Şygarda nygtalýan bedew batly at ösüşe okgunlylygyň we tizligiň nyşany hökmünde ykdysady ösüş bilen aýrylmaz baglanyşykda beýan edilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda senagat, energetika, ulag-logistika, oba hojalygy hem-de hyzmatlar ulgamy boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Döwrebap kärhanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi içerki bazaryň üpjünçiligini güýçlendirip, eksport mümkinçiliklerini giňeldýär.

Hemişelik Bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalmagyna ýardam berýär. Parahatçylykly daşary syýasat netijesinde ýurdumyz sebit we halkara derejede möhüm ulag-üstaşyr geçelgeleriň, energetika taslamalarynyň we söwda gatnaşyklarynyň işjeň gatnaşyjysyna öwrüldi. Bu ýagdaý daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we ykdysady gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge oňyn täsir edýär.

2026-njy ýylyň şygary bilen baglanyşyklylykda, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, täze iş orunlaryny döretmek, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak ýaly ugurlar hem ileri tutulýar. Munuň özi halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, ykdysady durnuklylygy berkitmäge hem-de zähmet öndürijiligini artdyrmaga gönükdirilendir.

Netijede, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary ykdysady ösüşiň täze tapgyryna gadam basýan ýurdumyzyň maksatlaryny aýdyň beýan edýär. Ol milli ykdysadyýetiň kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine hem-de Garaşsyz Watanymyzyň halkara ykdysady giňişlikdäki ornuny has-da berkitmäge ruhy binýat bolup hyzmat eder.

Döwletgeldi POTÇYKOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok