Eksport mümkinçilikleriniň giňelmegi ykdysadyýeti güýçlendirýär

Eksportyň ösdürilmegi milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün edýän möhüm ugurlaryň biridir. Daşary bazarlara çykýan önümleriň möçberiniň artmagy önümçiligiň giňelmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine we ýurduň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna şert döredýär. Şeýle-de eksport gatnaşyklarynyň giňelmegi içerki bazarda bäsdeşligi güýçlendirip, önümleriň hiliniň ýokarlanmagyna hem itergi berýär.

Türkmenistanda daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmek we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen geçirilýän halkara çäreler bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr. Şol sanda 10–12-nji fewral aralygynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkiýäniň eksport harytlarynyň ýöriteleşdirilen sergisi hem hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm meýdança hökmünde çykyş edýär. Şeýle çäreler daşary ýurtlaryň eksport tejribesini öwrenmäge, täze hyzmatdaşlary tapmaga hem-de ýerli bazaryň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Eksportyň ösdürilmegi diňe bir söwda dolanyşygynyň artmagy bilen çäklenmän, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň sazlaşykly ösmegine-de oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň üçin halkara sergiler, işewürlik duşuşyklary we hyzmatdaşlyk platformalary Türkmenistanyň ykdysady ösüşine hyzmat edýän möhüm gurallaryň biri bolup durýar.

Abdylla GURBANGELDIÝEW,

Türkmen döwlet maliýe
institutynyň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok