Häzirki zaman dünýä ykdysadyýetinde energetika diňe bir önümçilik we girdeji çeşmesi bolman, eýsem ýurtlaryň arasynda ynanyşmagyň, durnuklylygyň we uzak möhletli hyzmatdaşlygyň möhüm guraly hökmünde çykyş edýär. Hut şu nukdaýnazardan seredilende, Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygyndaky orny aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, açyk we deňhukukly daşary syýasat ýörelgeleri hem-de alyp barýan döwrebap başlangyçlary Türkmenistanyň dünýä energetika giňişliginde ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde tanalmagyny üpjün etdi.
Türkmenistanyň iri tebigy gaz gorlary onuň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň möhüm binýadyny düzýär. Emma ýurduň tapawutlylygy diňe serişdeleriň baýlygy bilen çäklenmän, olaryň dünýä bazarlaryna durnukly, ygtybarly we öňünden ylalaşylan şertlerde çykarylmagynda jemlenýär. Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny syýasy bitaraplyk, özara hormat we ykdysady bähbitleriň deňligi ýörelgeleri esasynda alyp barýar. Bu bolsa hyzmatdaş döwletleriň ýurdumyza bolan ynamyny has-da artdyrýar.
Halkara energetika hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu hyzmatdaşlyk arkaly Türkmenistan eksport mümkinçiliklerini giňeldýär we sebit durnuklylygynyň üpjün edilmegine hem saldamly goşant goşýar. Energiýa serişdeleriniň yzygiderli üpjün edilmegi ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolup, Türkmenistan bu ugurda öz jogapkärçiligini ýokary derejede ýerine ýetirýär. Munuň özi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşýar. Energetika gatnaşyklary diňe bir adaty üpjünçilik bilen çäklenmän, eýsem tehnologik hyzmatdaşlyk, tejribe alyşmak we energetika infrastrukturasyny ösdürmek ýaly ugurlary hem öz içine alýar. Bu ýagdaý milli energetika ulgamynyň döwrebaplaşmagyna, önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlanmagyna we halkara standartlaryna laýyk gelmegine mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň energetika hyzmatdaşlygy diňe bir uly döwletler bilen däl, sebit ýurtlary bilen hem giňden ösdürilýär. Sebitara energetika hyzmatdaşlygy özara baglylygy güýçlendirýär, ykdysady gatnaşyklaryň durnuklylygyny üpjün edýär we umumy ösüş üçin berk esas döredýär. Şeýle hyzmatdaşlyk modeli dünýäde barha artýan energetika töwekgelçilikleriniň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedir.
Energetika ulgamynda ygtybarlylyk düşünjesi diňe üpjünçiligiň üznüksizligi bilen däl, eýsem ekologiýa jogapkärçiligi bilen hem ölçenilýär. Türkmenistan halkara energetika hyzmatdaşlygyny alyp baranda daşky gurşawy goramak meselelerine hem aýratyn ähmiýet berýär. Energiýa serişdeleriniň tygşytly ulanylmagy, tehnologiýalaryň kämilleşdirilmegi we ekologik howpsuzlygyň üpjün edilmegi ýurdumyzyň energetika syýasatynyň möhüm bölegine öwrüldi. Bu ýagdaý Türkmenistanyň diňe häzirki döwür üçin däl, eýsem geljek nesiller üçin hem jogapkär döwletdigini görkezýär.
Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygy milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine hem gönüden-göni täsir edýär. Energetika pudagyndan alynýan girdejiler beýleki ugurlaryň ösdürilmegine gönükdirilýär, senagat, ulag, sosial ulgam ýaly möhüm pudaklaryň ösüşine itergi berýär. Şeýlelikde, energetika hyzmatdaşlygy milli ykdysadyýetiň umumy ösüşiniň möhüm hereketlendiriji güýjüne öwrülýär.
Türkmenistan halkara energetika hyzmatdaşlygynyň ygtybarly gatnaşyjysy hökmünde dünýä ykdysady giňişliginde mynasyp ornuny eýeleýär. Ygtybarlylyk, durnuklylyk we jogapkärçilik Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasy aýratynlyklary bolup, bu ýol ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da berkitýär. Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny diňe häzirki bähbitleriň däl, eýsem uzak möhletli ösüşiň we dünýä durnuklylygynyň möhüm bölegi hökmünde görýär, hut şonuň üçin hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygy hemişe açyk, ynamdar we geljege gönükdirilen esasda alyp barýar.
Bibihajar KERIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler