Özbegistanda Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitaby tanyşdyryldy

Penşenbe güni Özbegistan Respublikasynda Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM – niň habar bermegine görä bu çäre Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetinde geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow, Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersirtetiniň rektory I.Majidow, Ýazyjylar birleşmesiniň başlygy S.Saidow, şeýle hem Özbegistanyň bilim ugrunda zähmet çekýän wekilleri hem-de ýokary okuw mekdepleriň talyplary gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby türkmen ýaşlarynyň üstünlikli tamamlanan 2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda gazanan üstünlikleri, Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň alynyp barylşy we Ýaşlar syýasatynyň hemişe üns merkezinde saklanýandygyna şaýatlyk edýär.

Dabarada çykyş eden türkmen talyplary Hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň ýaşlara bagyşlanmagy, Ýurdumyzda ýaşlar üçin edilýän aladanyň uludygyny, watanyna bolan söýgüsini daşary ýurt wekilleriň arasynda bellediler.

Gurbansoltan Berdibaýewa,
Aşgabat şäheriniň 18-nji orta
mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok