Arkadag şäherinde Baş metjit bina edilýär!

Arkadag Serdarly ýurdumyzda kiçiräk obalarymyzdan başlap, uly şäherlerimiziň ählisini döwrebap görnüşde bina edilen metjitler bezeýär. Olarda sadakalar berlip, ýagşy dilegler edilýär. Şeýle metjidiň Ahal welaýatynyň merkezi bolup, tylla Gün ýaly lowurdaýan Arkadag şäherimizde hem peýda boljakdygy buýsanjymyza buýsanç goşdy. Çünki düýbi tutulan islendik gurluşygyň sähel wagtda bina bolýan ýurdy bolan eziz Watanymyzda tutumly işler sungat derejesinde gülleýär. Hajy Arkadagymyzyň maslahatdyr teklipleriniň esasynda bina boljak bu baş metjidiň gurluşygyna sähetli hasaplanýan anna gününde badalga berilmeginiň özünde-de uly many, ynanç bar.

Köňül tämizliginiň binasy hasaplanýan bu baş metjidiň ýanynda medrese, namaz okalýan ýer, kitaphana we tehniki desgalar hem bolup, ol iň bir gelim-gidimli ýerleriň biri bolar. Goý, Arkadag şäherinde düýbi tutulan Ahal welaýatynyň baş metjidiniň gurluşygy üstünlikli tamamlanyp, onda azan sesleri belentden ýaňlanyp dursun! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sogaply işleri dowamat dowam bolsun!

Ýeri gelende belläp geçsek, Ahal welaýatynyň baş metjidiniň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15 müňden gowrak adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Onuň sadaka jaýy bolsa 1500 adama niýetlenendir. Baş metjidi her biriniň beýikligi 104 metre ýetýän minaralaryň 4-si bezär we olarda ýokary tizlikli liftler oturdylar. Minaralaryň içinde dürli dolandyryş otaglary, şol sanda duşuşyklardyr gepleşikleri geçirmäge niýetlenen ýörite otaglar ýerleşer. Minaralaryň birinde 97 metr belentlikde syn ediş meýdançasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Ahal welaýatynyň baş metjidiniň çäklerinde awtoulaglary goýmak üçin ýerler we dürli maksatly beýleki tehniki desgalar hem gurlar. Onuň seýilgäh zolagy bolsa 10 gektar meýdany eýelär. Suw çüwdürimler toplumy seýilgähiň esasy bezegine öwrüler.

Häzirki wagtda, metjidiň gurluşyk işlerini ozal bu ugurda geçirilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Altyn” hojalyk jemgyýeti alyp barýar. Gurluşyga zerur bolan çykdajylar üçin halkymyzyň milli ýörelgeleri esasynda raýatlaryň haýyr-sahawat hökmünde niýetleýän serişdeleri ulanylýar. Şunda baş metjidiň gurluşygyna haýyr-sahawat ýardamyny etmäge isleg bildirýän taraplar üçin ýörite bank hasabynyň açylandygyny bellemek gerek. Munuň özi ildeşlerimiziň arasynda giň seslenmä eýe boldy. Isleg bildiren her bir raýat bu gurluşygyň hasabyna pul serişdesini geçirip bilýär.

Dürli HEMDEMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok