Hazaryň daşyndan motoýöriş meýilleşdirilýär

Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň teklip bermegi esasynda 2022-nji ýylyň baharynda Hazaryň daşyndan motoýöriş geçirmek meýilleşdirilýär. Bu teklibi Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Azerbaýjana sapary wagty teklip etdi. Motoýörişi ilki Azerbaýjan kabul eder. Soňra olar Eýrana, Türkmenistana we Gazagystana geler.

Gubernator geljekki motoýörişiň Hazaryň dostluk we goňşuçylyk sebitdigini ýene bir subut eder diýip ynam bildirdi. Golaýda Igor Babuşkiniň Aşgabada saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz, Hökümet agzalary bilen duşuşdy we Türkmenistan bilen RF-iň Astrahan oblastynyň arasynda syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy.

Mommadow Kerim

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok