14-nji dekabrda Türkmenistanyň adyndan goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ugradylan harytlar, azyk, dokma, hojalyk harytlary we nebit önümlerinden ybarat bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Habar berilmegine görä, Türkmenistan ýerli dokma önümlerinden, azyk senagatynyň harytlaryndan ybarat bolan 1,200 tonna mukdaryndaky dürli maksatly ýükleri, şol sanda nebit önümleri bilen doldurylan 20 sany demir ýol çeleklerini özünde jemleýän ynsanperwerlik kömeginiň gowşurylmagyny üpjün etdi.
Türkmenistanyň wekilçilikli wekilýeti ynsanperwerlik kömegiň gowşurylyş dabarasyna gatnaşdy. ministriniň orunbasary Şer Muhammad Abbas Stanikzaý, Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Yslamjar, şeýle-de Owganystanyň beýleki degişli pudak edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.
Surat çeşmesi: www.mfa.gov.tm
Ataýew Yhlas
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy
Teswirler