Uzak ülkeleriň birinde bir garyp maşgala ýaşapdyr. Olar gün-güzeranlaryny kynçylyk bilen dolandyrar ekenler. Günlerde bir gün agyr kesele uçuran ene ýekeje ogluny ýanyna çagyryp:
― Diňle oglum! Biz gaty garyp bolanymyz üçin köp kynçylyk çekdik. Men saňa bir kitap goýjak, sen bu kitapdaky görkezmeleri ýerine ýetirseň, gaty baý bolarsyň ― diýipdir. Şeýlelik bilen köp wagt geçmän dünýäsini täzeläpdir. Oglan şol kitaby okap başlapdyr. Kitabyň başynda: «Hazyna ýetmek üçin bir sahypadan bökmän okaň! Sahypa geçseňiz, hazyna ýetip bilmersiňiz» diýilip ýazylypdyr. Onsoň oglan uly güýç bilen bu kitaby okamaga başlapdyr. Kitap arap dilinde ýazylan eken. Kitaby terjime etdirmegiň ýerine arap dilini öwrenip başlapdyr. Ahyrynda arap ýazgylaryny gaty gowy okap bilmegi başarypdyr. Soňa bakan belli bir wagtdan soňra kitap hytaý dilinde bolupdyr. Ýigit tutanýerlilik bilen bu dili hem öwrenipdir. Biraz wagt geçenden soňra bolsa paýtagtyň iň gowy terjimeçileriniň birine öwrülidir. Kitabyň indiki sahypalarynda hazynany nädip dolandyrmalydygy barada görkezmeler hem goşulupdyr. Ol bu gezek ykdysadyýet we söwda ugurlaryny öwrenipdir. Şeýle hem hazynany bir gezek gazanylandan soňra, aldanmazlyk üçin gymmatly zatlaryň bahasyny kesgitlemegi öwrenipdir. Köp dili bilýän, halka gowy düşünýän adam hökmünde şöhratly ady soltana ýetipdir. Patyşa ony öz welaýatynyň baş häkimi edip belläpdir. Kitabyň soňunda eserde has köp tehniki maglumatlar hem berlipdir.Ýol gurluşygyndaky ýollary tekizlemek üçin egrem-bugram ýerleri nädip düzetmeli… şuňa meňzeş temalar beýan edilipdir. Bu syrlary bilýän, hiç kim bilen paýlaşman başyny çaran şol garry aýalyň ogly akylly, hormatlanýan adam bolup ýetişipdir. Netijede, energetika, şäher gurluşygy ugrundan hem baş çykaryp bilipdir. Medeniýetine, bilimine ahyrsoňy gowy baha beren soltan, ony köşgüň orunbasary hökmünde onuň binagäri edip belläpdir. Şeýdip wezir bolupdyr. Oglan kitabyň soňky sahypasyna ýetende, ony okajak güni soltanyň gyzyna öýlenipdir. Soňky sahypany açanda, iň soňky okan sözlemlemi şeýle diýip jemlenipdir: «Bilmekdir, bilim iň uly hazynadyr».
Türk dilinden terjime eden
Nowruz KURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby
Teswirler