“Arkadagly Ýaşlar” elektron žurnalynyň ilkinji sany çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň esaslandyran «Arkadagly ýaşlar» täze elektron žurnalynyň ilkinji sany çykdy.

Bu neşiriň elektron görnüşini turkmenmetbugat.gov.tm abunaçylary tarapyndan saýtdan we priloženiýe arkaly öz enjamyňa ýükläp alyp bilerler.

«Arkadagly ýaşlar» žurnaly aýda bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanýan çeper-publisistik, ylmy-populýar, bezegli internet-neşiri.

Ilkinji sanynyň mazmunly bölegi 43 sahypadan ybarat. Onuň sahypalarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler we olary ilerletmäge, ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge ýaşlaryň goşandy, ýurduň içinde hem-de daşary ýurtlarda türkmen ýaşlarynyň bilimde, sportda, ylymda gazanan üstünlikleri beýan edilýär. Neşirde ylmy-tehniki maglumatlar, innowasion işläp taýýarlamalar, dünýädäki ýaşlar baradaky täzelikleri hem berilýär.

Žurnalyň jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-tehniki mazmuny ýaşlaryň durmuşy hem-de döredijiligi bilen bagly çeper eserler, bäsleşikleriň bildirişleri hem ýerleşdirilipdir.

Žurnal döredijilik duşuşyklaryny, ýaşlaryň durmuşynyň möhüm meseleleri boýunça tegelek stollary, bilim maslahatlaryny gurar, şeýle hem daşary ýurtly ýaşlar žurnallary, elektron neşirleridir saýtlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýulmagyna garaşylýar.

Şeýle-de okaň:
«Arkadagly ýaşlar» atly täze elektron žurnaly neşir etmäge taýýarlyk görülýär
Elli öňderabyjy ýaşlar sylaglandyryldy
Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy öz işine başlady

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok