«Arkadagly ýaşlar» atly täze elektron žurnaly neşir etmäge taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi «Arkadagly ýaşlar» täze elektron žurnaly neşir etmäge taýýarlyk görýär. Redaksiýanyň işiniň hukuk we guramaçylyk esaslaryny, onuň ygtyýarlyklaryny, döredijiligini Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen gatnaşyklaryny, şeýle hem žurnalyň esasy maksatlaryny hem-de wezipelerini, onuň maliýeleşdirilişini, neşir düzgünini, ýaýradylyşyny we işiniň bes edilişini kesgitleýän Düzgün işlenilip taýýarlanyldy.

«Arkadagly ýaşlar» žurnaly aýda bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanýan çeper-publisistik, ylmy-populýar, bezegli internet-neşir bolar. Onuň sahypalarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler we olary ilerletmäge, ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge ýaşlaryň goşandy, ýurdumyzyň içinde hem-de daşary ýurtlarda türkmen ýaşlarynyň bilimde, sportda, ylymda gazanan üstünlikleri beýan ediler. Neşirde ylmy-tehniki maglumatlar, innowasion işläp taýýarlamalar, dünýädäki ýaşlar baradaky täzelikleri elýeterli bolar. Žurnalyň jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-tehniki mazmuny ýaşlaryň durmuşy hem-de döredijiligi bilen bagly çeper eserler bilen utgaşar, hususan-da, bäsleşikler we wiktorinalar geçiriler, olaryň ýeňijileri sylaglanylar. Žurnal döredijilik duşuşyklaryny, ýaşlaryň durmuşynyň möhüm meseleleri boýunça tegelek stollary, bilim maslahatlaryny gurar, şeýle hem daşary ýurtly ýaşlar žurnallary, elektron neşirleridir saýtlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar.

«Arkadagly ýaşlar» žurnaly bellenilen tertipde abuna arkaly, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Türkmenistanyň Ulag we aragatnaşyk agentliginiň «Türkmenpoçta» kärhanasynyň üsti bilen ýaýradylar.

Belläp geçsek, daşary ýurtlar üçin žurnalyň elektron nusgasyna abuna ýazylmak göz öňünde tutulan.

Mamajan ABDYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki
Tehnologiýasy hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok