Biodizel adaty ulanylýan ýangyja alternatiw ýangyç bolup, ol tebigata şeýle-de ekologiýa adaty ýangyç ýaly hiç hili galyndy taşlamaýar. Biodizel haýwan we ösümlik ýaglaryndan, nebit önümlerinden alynýar.
Biodizel adalgasy 1892-nji ýylda Rudolph Dizel tarapyndan oýlanyp tapylan hereketlendiriji görnüşi bolan dizel sözünden gelip çykýar. Dizel ilkinji gezek 1900-nji ýylda Parižiň Bütindünýä sergisinde öz oýlap tapyşyny görkezdi. Geň galdyryjy tarapy bolsa bu dizel hereketlendirijisinde ösümlik ýagyndan ulanylýardy.
1937-nji ýylda Brýussel uniwersitetinden Belgiýaly alym G.Çawanna «Ösümlik ýaglaryny ýangyç hökmünde ulanmagyň tertibi» atly patenti aldy. Ol bu täsirleşmäni alkogoliz (transesterifikasiýa) diýlip atlandyryldy. Alymlar muny biodizel önümçiliginiň ilkinji ädimi hökmünde gördüler.
1938-nji ýylyň tomsunda G.Çawanna tarapyndan palma ýagyndan taýýarlanan ösümlik ýagy 1942-nji ýylda awtobuslar üçin ýangyç hökmünde ulanylyp başlandy. Ol himiki we fiziki aýratynlyklary bilen «kanagatlanarly» netijäni berdi.
Häzirki wagtda esasan ýaglardan biodizel öndürmek has ýörgünli bolup, soýa biodizel öndürmekde iň möhüm oba-hojalyk ekini hasaplanylýar.
Täzegül SAPAROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň uly mugallymy.
Teswirler