«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar 2020-nji ýylyň şanly wakasyna — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Žurnal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji dekabrda — Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de şanly senäniň baýram edilmeginiň çäklerinde geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatda eden çykyşy bilen açylýar. Dünýäniň iri döwletleri, şol sanda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bolan ýurtlar bu resminama awtordaş bolup çykyş etdiler. Şeýlelikde, Türkmenistan bitaraplyk derejesine halkara hukuk ugry hökmünde eýe boldy hem-de dünýä syýasatynyň we diplomatiýasynyň möhüm bölegine öwrüldi. Şanly senäniň hormatyna žurnalyň redaksiýasy aýratyn bölüm arkaly halkara guramalaryň wekilleriniň ugurdaş mazmunly çykyşlaryny ýerleşdirdi. Şol wekilleriň hatarynda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Natswlişwili, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Juliýa Waleze, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili Kristina Weýgand, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Natalýa Drozd we «Merkezi Aziýada hukuk döwletliligine ýardam etmek» atly GIZ sebit maksatnamasynyň ýolbaşçysy, Berlin şäheriniň administratiw kazyýetiniň kazysy Ýorg Pudelka bar. Ýurdumyzda demokratik edaralary has-da kämilleşdirmek, adam hukuklary babatda öz borçnamalaryny netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistan halkara guramalar bilen ýakyn we köptaraply hyzmatdaşlygy amala aşyryp, döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça oňyn gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär.
Žurnalyň sahypalarynda okyjylary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy we kanunçylyk esaslary bilen tanyşdyrýan makalalar hem ýerleşdirildi. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany, däp bolşy ýaly, «Senenama» habarlar bölümi bilen jemlenýär. Onda geňeş duşuşyklary,
mejlisler, okuw maslahatlary, abraýly halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde geçirilen çäreler barada beýan edilýär.

Nepes Nepesow,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar

 we informatika institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok