Bütindünýä şäherler güni

Göz gamaşdyryjy täsinliklere eýe bolan, başyny göge dirän owadan binalaryň ýerleşen şäherleri  göreni haýrana goýup, özüne çekijiligi bilen adamlarda täsin duýgulary oýandyrmagy başarýar. Ynsanlara rahat ýaşaýşy hödürläp, sosial taýdan has ýokary derejä  göterilmäge ýardam edýär. Şäherler medeniýetiň, sungatyň ösen nokady hasaplanyp, dünýä ýüzündäki jahankeşdeleriň üns merkezlerine öwrülýärler. Çylşyrymly, ajaýyp gurluşyly ymaratlaryň, muzeýleriň, taryhy binalaryň we şuňa meňzeş zatlaryň ýerleşýän  şäherleri syýahatçylaryň  iň köp düşleýän merkezleri hökmünde bilinýär. Häzirki wagtda dünýäde köp sanly haýran galdyrjy şäherler bar. Mysal üçin: Moskwa, Tokio, London, Seul, Pekin, Brýussel, Şanhaý, Pariž  paýtagtymyz Aşgabat ýaly biçak köp şäherler adamlaryň gitmegi arzuw edýän ajaýyp ýerleridir.

2013-nji ýyldan Birleşen milletler guramasy tarapyndan her ýylyň  31-nji oktýabry “Bütindünýä şäherler güni” diýilip yglan edildi. Bu güniň döredilmeginiň aýratynlygy dünýäde täze şäherleri döretmek we olarda ekologiki arassaçylygy üpjün etmek bolup durýar. Biz üçin oňaýly şertleriň döredilip, ýaşaýşymyzyň aňsatlaşdyrýan şäherleri ekologiki taýdan arassa saklap, olary gözümiziň göreji ýaly gorap saklamak biz ýaşaýjylaryň esasy borjy bolup durýar.

Özüňi süýji düýşde duýdyrýan bu şäherler gözeligi, görküne-görk goşup oturan üýtgeşik gurlyşly ymaratlar, dünýäde gazanan meşhurlygy bilen her bir ynsan tarapyndan goralmaga laýykdyr. Jahanda mermer binalary, göze ýakymly, aklyňy haýrana goýýan jaýlary bilen paýtagtymyz Aşgabat şäheri göreni haýrana goýýar. Gün-günden gözelleşýän paýtagtymyz bu günki gün dünýä şäherleriniň arasynda öz mynasyp ýerini eýeleýär.

Güljemal ÇERKEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklar institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok