Ýulduz Jumabaýewa agyr atletika boýunça dünýä çempiony

2018-nji ýylda Aşgabatda geçen Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşan 45 kg agram kategoriýasynda türkmenistanly Ýulduz Jumabaýewanyň altyn medalynyň gowşuryş dabarasy boldy. Öň bu kategoriýada taýlandly türgen Thunya Sukcharoen altyn medal gazanypdy. Emma bu türgeniň antidoping düzgünleri berjaý etmändigi anyklanyldy we diskwalifikasiýa edildi. Şeýlelikde öň kümüş medalyň eýesi bolan Ýulduz Jumabaýewa altyn medalyň eýesi boldy. Dünýä agyr atletika federasiýasynyň resmi saýtynda sanaw täzelendi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok