«Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda» atly döredijilik bäsleşigi

15 May

«Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda» atly döredijilik bäsleşigi

Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli  paýtagtymyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçiriljek «Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda»  atly döredijilik bäsleşigi geçirilýär.


Aşgabat, Türkmenistan

00:00


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de “InAshgabat” onlaýn portaly bilen  bilelikde gurnamagynda  Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli  paýtagtymyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçiriljek «Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda»  atly döredijilik bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

I. Bäsleşigiň maksady:

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryny baýdak edinýän türkmen ýaşlary ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýärler.  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyplyklary kalplara ylham, joşgun berýär. Zehinli ýaşlarymyz döredijiliginde Berkarar watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edýärler. Döwrüň sesine öz seslerini goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň «Bu günki zehinli ýaşlar Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljekki beýik nesilleridir!» diýen ajaýyp sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de “InAshgabat” habar portaly bilen bilelikde paýtagtymyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda»  atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň baş maksady Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni giňden wasp etmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybaratdyr.

II. Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:

Bäsleşige ýaşy 14-30 ýaş aralygy bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşik döredijiligiň goşgy ýazmak boýunça geçirilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar öz döredýän eserlerinde Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan ütünlikleri, watansöýüjiligi, Bitaraplygy we parahatçylygy, dost doganlygy, gözel paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini waspyny ýetirýän döredijilik eserlerini 2021-nji ýylyň 15-nji maýyna çenli bäsleşige hödürläp bilerler.

Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

Bäsleşigiň jemleri Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli  2021-nji ýylyň maý aýynyň 22-ne Aşgabat şäherinde jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefonlary:
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşi: 44-89-03

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok