«Agrosenagat dizaýn» bäsleşigi

11 November

«Agrosenagat dizaýn» bäsleşigi

Hasyl toýy mynasybetli tejribeli dizaýnerleriň arasynda «Agrosenagat dizaýn» bäsleşigi geçirilýär. Basleşige islendik ýaşdaky tejribeli dizaýnerler gatnaşmaga çagyrylýar. Bäsleşik 2 tapgyrda geçýär: I tapgyr – tanyşdyryş tapgyry; II tapgyr – ýumuş tapgyry;


TSTP-nyň Aşgabat şäher kommitetiniň Mejlisler merkezi

14:00


I TAPGYR

Bäsleşigiň ilkinji tapgyry gatnaşyjylaryň onlaýn hasaba alynmagy, we özleri bilen tanyşdyryşdan ybarat. Guramaçy topary telefonda, elektron poçta arkaly ýa-da gönümel söhbetdeşlik bilen dizaýnerleriň ukyp derejesi, tejribeleri, ozalky ýerine ýetiren işleri bilen tanyş bolýar.
Guramaçy toparyň çözgüdi esasynda ýeterlik ukyby, başarnygy, tejribesi bolan gatnaşyjylar II tapgyra geçýär.

Ýazylmak üçin:
«Agrosenagat dizaýn» bäsleşiginiň hasaba alyş formasy
Hasaba almagyň soňky güni: 16.10.2023

II TAPGYR

Ikinji tapgyrda bolsa, bäsleşigiň esasy ýumuş tapgyry. Bu tapgyra geçenleriň elektron poçtalaryna ýerine ýetirilmeli ýumuş guramaçylar tarapyndan ugradylýar.
II tapgyrda işleriň tabşyrylmaly soňky senesi: 30.10.2023

Guramaçylar:

  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher kommiteti
  • Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher kommiteti
  • Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi

Ýeňijiler 06.11.2023 senesinde yglan ediler.
Sylaglandyryş dabarasy 11.11.2023 senesinde TSTP-nyň Aşgabat şäher komitetiniň Mejlisler merkezinde geçiriler.

Habarlaşmak üçin:
juwan.mbb.merkez [at] gmail.com
+993 64 834432

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok