Halk Maslahaty – milli geňeşmek däbiniň häzirki zaman beýany

Türkmen halkynyň taryhyna ser salanymyzda, jemgyýetçilik meselelerini maslahatlaşyp çözmek, agzybirligi saklamak we umumy bähbitleriň esasynda hereket etmek ýaly ýörelgeleriň nesilden-nesle geçendigini görmek bolýar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen halk pähimi hem bu düşünjäniň durmuşymyzdaky gadymy kökleriniň aýdyň beýanydyr. Bu däp-dessurlar häzirki döwürde döwlet dolandyryşynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde täze mazmuna eýe bolýar.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Halk Maslahaty milli geňeşmek medeniýetiniň döwrebap görnüşde dowam etdirilýändigini görkezýän möhüm döwlet edarasy hökmünde çykyş edýär. Onuň işiniň esasy maksady halkyň jebisligini we agzybirligini pugtalandyrmak, ýurduň ösüş ugurlaryny kesgitlemek hem-de jemgyýetiň bähbitlerine gönükdirilen çözgütleriň kabul edilmegine ýardam bermek bilen baglanyşyklydyr.

Halk Maslahatynyň aýratynlygy onuň jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň pikirini döwlet derejesindäki maslahatlaşmalara getirmäge mümkinçilik berýän giň wekilçilik häsiýetidir. Ýaşulularyň durmuş tejribesi, ýaşlaryň täzeçe garaýyşlary, alymlaryň ylmy çemeleşmeleri, zähmetkeşleriň amaly teklipleri we döwlet gullukçylarynyň tejribesi bir giňişlikde jemlenýär. Şeýle köpugurly pikir alyşma döwlet üçin ähmiýetli meseleleriň dürli tarapdan seljerilmegine şert döredýär.

Halk Maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň gerimi hem ýurduň ösüşiniň möhüm ugurlaryny öz içine alýar. Ýurdumyzda ulag-logistika mümkinçiliklerini giňeltmek we Türkmenistanyň halkara ulag geçelgelerindäki ornuny berkitmek ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Energetika ulgamynda durnuklylygy we özbaşdaklygy pugtalandyrmak hem uzak möhletli ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde garalýar.

Şeýle hem azyk üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, oba ýerleriniň ykdysady mümkinçiliklerini ösdürmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezilýär. Bu ugurlar biri-biri bilen baglanyşykly bolup, olaryň bilelikde ösdürilmegi ýurduň ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösüşine hyzmat edýär.

Türkmen halkynyň «Agzybirlik bar ýerinde rysgal bar» diýen nakylynda jemlenen pähim hem bu gün döwlet ösüşiniň mazmuny bilen sazlaşýar. Çünki giň gerimli maksatlaryň durmuşa geçirilmeginde jemgyýetiň jebisligi, özara düşünişmek we umumy maksada gönükdirilen tagalla möhüm orun eýeleýär.

Halk Maslahaty şu nukdaýnazardan diňe bir döwlet derejesindäki maslahatlaşma meýdançasy bolman, milli geňeşmek medeniýetiniň häzirki zaman döwlet gurluşyndaky dowamlylygyny görkezýän institut hökmünde hem ähmiýetlidir. Halkyň taryhy tejribesine daýanýan bu ýörelgäniň häzirki döwrüň talaplary bilen utgaşmagy Türkmenistanyň döwlet dolandyryşyndaky milli aýratynlyklaryň döwrebap görnüşde ösdürilýändigini görkezýär.

Sähra Muhamedrüstemowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň V ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok