Ynsan kalbynyň çuňňur duýgularyny, hyjuwlaryny, yzygiderli aýlanyp duran durmuş halkasynyň bagtyýar hem şatlykly pursatlaryny öz täsin döredijilik eleginden geçirip, gaýtalanmajak sungat eserlerini döredýän ussat suratkeş Annadurdy Myradalyýew bu günki gün ýetmiş ýaşy arka atan halypalaryň biridir. Ol sungat ýolunyň ilkinji basgançaklaryndan başlap, tä şu güne çenli öz döredijilik stiline, ýazyş usulyna ygrarly bolup gelýär. 1970-nji ýylda sungat ýoluna gadam basyp, öz ömrüni döredijilik dünýäsine bagyş eden Annadurdy aganyň eserleri çuňňur pelsepewi garaýyşlary bilen özüne çekýär. Suratkeşiň eserleri biziň ýurdumyzyň çäginden daşyna çykyp, dünýäniň ençeme ýurtlarynyň ady belli muzeýlerinde, şahsy ýygyndylarda ýerleşýär.
Bu günki gün Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň Sergi jaýynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň gurnamagy esasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Annadurdy Myradalyýewiň hem-de onuň ogly zehinli suratkeş Ýagmyr Myradalyýewiň şahsy sergisi gurnaldy. Bu sergi öz ömrüni sungata bagyş eden döredijilik maşgalasynyň, halypa-şägirdiň irginsiz zähmetiniň miwesidir.
Annadurdy Myradalyýewiň sungat dünýäsiniň gerimi giňdir. Onuň çäksiz döredijiligini düzýän eserlerini synlanyňda, adam aňynda müdimilik galýan ýakymly pursatlar hakydaňa gelýär, gündelik durmuşyň şahyrana owazy ýaňlanýar. Döredijiliginiň dürli tapgyrlarynda suratkeşiň ünsüni aýratyn çekýän aýratynlyk bar, ol hem ýaşulularyň keşbidir. A. Myradalyýew özara sazlaşykly gyradeň ýöräp barýan, ýa-da bir ýerde aýak çekip, haýsydyr bir sowalyň çözgüdini tapmaga çalyşýan ýaşulularyň keşbini uly söýgi bilen ýerine ýetirýär. Onuň şular ýaly taslama eserleriniň psihologik çözgüdinde suratkeşiň döredijiliginiň tutuş pelsepesi jemlenendir. Annadurdy Myradalyýew hakykaty, görýän şekillerini takyk beýan edýän eserlerinde kesgitli taslama gurluşyň kadalaryny saklaýan bolsa, beýleki eserleri suratkeşiň döredijilikli oý-pikirleriniň çürbaşyny açyp görkezýän şekilleriň, reňk tegmilleriniň özara sazlaşygyndan ybaratdyr. Şeýle eserler adatça, adam aňyna has ýiti, has çuňňur täsirleri ýetirýär. Göräýmäge, belli bir şekili, belli bir mazmuny emele getirmeýän abstraksiýa ruhunda ýerine ýetirilen eserler kem-kemden tomaşaçynyň öňünde Älem giňişliginiň ähli soraglaryna jogap berýän uly bir manyny açýar. Suratkeşiň döredijilik ylhamyndan döreýän şeýle işleriň esasy aýratynlygy olaryň işiň gidip duran pursadynda, döredijiniň pikir yzygiderliliginiň esasynda bir pursatda kendire geçirilmegi bolup durýar.
Annadurdy Myradalyýew eserleriniň reňk çözgüdinde kesgitli esaslara daýanman, eýsem tebigatyň baý öwüşginli reňklerine batyrgaý çemeleşýär. Hatda reňk suratkeşiň käbir işlerinde esasy taslama merkezine öwrülýän wagtlary hem duş gelýär. Şeýle-de bolsa, A. Myradalyýew Watanymyzyň güneşli topragynyň gyzgalt-mele öwüşginlerinden, türkmen halysynyň gyrmyzy reňklerinden daşlaşmaýar.
“Ata keşbi – ogla halal” diýlişi ýaly, halypa suratkeş Annadurdy Myradalyýewiň sungat ýoly ogly Ýagmyr Myradalyýew tarapyndan dowam etdirilýär. Elbetde, türkmen nakgaşçylyk sungatynda bu iki suratkeşiň eýeleýän orny düýbünden tapawutlydyr. Gadymy döwürlerden bäri adamzat dünýäsiniň özboluşly güýji, onuň barlygy, düýp esasy ýaly pelsepewi garaýyşlara ýugrulan Annadurdy aganyň taslama eserleri öz döredijiligini her garyş ýeri beýlekisine meňzemeýän gözel tebigaty şahyrana wasp etmeklige bagyşlan peýzažçy suratkeş Ýagmyr Myradalyýewiň işlerinden düýpgöter tapawutlanýar. Ýaş suratkeş öz eserlerinde çeperçilik serişdeleriň üsti bilen tebigatyň dürli pursatlaryny suratlandyrýar. Jemläp aýdanymyzda, ýurdumyzyň Mary welaýatynda yhlasly zähmet çekip, döredijilikli pikirlerini üstünlikli durmuşa geçirýän suratkeşler Myradalyýewleriň Aşgabat şäherinde gurnalan şahsy sergisi öz gerimi, eserleriniň žanr taýdan köpdürlüligi, baý tematikasy bilen tapawutlanýar.
.
Gülnara Kurbanmuhammedowa,
Türkmenistanyň Suratkeşler
birleşiginiň sungaty öwrenijisi.
Teswirler