Dünýä ýaň salýan bedew

Birnäçe müňýyllykdan bäri türkmen bedewini guwanjy, ruhy ganaty, buýsanjy hasaplaýar. Aslynda at owal-başdan türkmeniň ruhuna, häsiýetine ýakyn hasaplanýar. Ýelden ýyndam täsin atlar ählihalk dabaralaryň bezegi, türkmenleriň uçar ganaty, hakyky buýsanjyň we galkynyşyň nyşanydyr.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyna gadam basmagymyz bilen atlara, türkmeniň milli buýsanjy hasaplanýan, Döwlet nyşanymyzyň bezegi bolan ahalteke bedewlerine hem uly üns berilýär. Häzirki wagtda toý-baýramlarymyzyň başy bedew atlaryň çykyşlary bilen başlanýar.

Ata-babalarymyzyň ýörelgesine eýerip Arkadagly Serdarymyz we bütin türkmen halky bedewi özleriniň örän gymmatly hazynasy hasaplaýarlar.Pederlerimizden miras galan şeýle bir söz bar. «Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýlen ajaýyp jümlelerdir. Bu ajaýyp sözlerden gadymdan bäri türkmeniň bedew atyny maşgala başy hasaplaýan atasyndan soň ikinji orunda goýýandyklaryny görmek bolýar.  Şundan ugur alyp aýdanymyzda bedewiň orny beýleki gymmatlykarmyzdan has ýokarda goýulýar.

Türkmen bedewi özüniň owadanlygy, çydamlylygy, eýesine wepalylygy bilen dünýä halklaryny haýrana goýýan naýbaşylarynyň biridir. Gözellikde, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk gamyşgulak türkmen bedewiniň şöhraty asyrlardan-asyrlara aşyp, dowamat-dowam boljakdygy, onuň gadyr-gymmatynyň hemişelikdigi biz ýaş nesiller üçin buýsandyryjydyr. Pederlerimiz ýel bilen bäsleşýän ýüwrük atlary ösdürip ýetişdirmäge uly üns beripdirler. Ahalteke bedewi türkmen halkynyň milli gymmatlygy, dünýä medeniýetine goşan uly goşandydyr.

.

Suleýman BARADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok