Aşgabatda iki sany täze awtobus ugry işe girizildi

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 2021-nji ýylyň 1-nji noýabryndan iki sany täze awtobus ugrunyň açylandygyny habar berýär.

80-nji «Teke bazar – Büzmeýin» awtobus ugry “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar, M.Kaşgary köçe – D.Azady köçe – Görogly köçe – Büzmeýin şaýoly – Senagat köçesi bilen hereket edip «Büzmeýin» belleniş nokadyna barýar we yzyna aýlanyp, Senagat köçe – Büzmeýin şaýoly – Görogly köçe – A.Nyýazow şaýoly – M.Kösäýew köçe bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.

75-nji «Teke bazar – Büzmeýin» awtobus ugry “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar, A.Gowşudow köçe – Magtymguly şaýoly – A.Annaýew köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – Senagat köçe bilen hereket edip, «Büzmeýin» belleniş nokadyna çenli barýar hem-de yzyna Senagat köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – A.Annaýew köçe – Magtymguly şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – M.Kösäýew köçe bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-33-90, 44-33-91, 44-33-59/40

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok