Türkmenistanda ilkinji bolup, güýzlük bugdaý ekişini Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ekerançylary tamamlady. Şu ýyl welaýatda 130 müň gektar meýdana bugdaý ekildi. Bu baradaky habary turkmenportal internet habar saýty habar berýär.
Saýtda belläp geçilmegine görä, esasan däneli ekinleriň ekişi tomus aýlarynyň ahyrlaryna gabat gelýär, emma alymlaryň bellemegine görä, sebitimiziň güýzi däneli ekinleri ekmek üçin iň amatly wagt bolup durýar. Ekiş möwsüminiň möhletlerde hem-de agrotehniki kadalar doly berjaý edilip geçirildi.
Geljek ýyl Türkmenistanda jemi 1 million 400 müň tonna, şol sanda Lebap welaýatynda 310 müň tonna bugdaý hasylyny almak meýilleşdirilýär. Ekin meýdanlarynyň häzirki ýagdaýy hem-de prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli goldawyndan ruhlanýan merdana ekerançylarymyzyň tutanýerli zähmeti göz öňünde tutulan şertnamalaýyn borçnamalaryň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine berk ynam döredýär.
Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby
Teswirler