Türkmenistanda 2022-nji ýylda zähmet haklary 10 göterim ýokarlanar

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok