Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy baýramy mynasybetli GDA-nyň Minskdäki Ýerine ýetiriji komitetinde sergi açyldy. Bu baradaky habary GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugyna salgylanyp Turkmenportal habar saýty belläp geçýär.
Saýtda habar berilmegine görä, Bu sergi Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Belarus Respublikasynyň Prezident kitaphanasynyň kömegi bilen taýýarlandy.
Sergide halkymyzyň özboluşly medeniýetini, baý taryhyny, özüne mahsus tebigaty we binagärlik ýadygärliklerini açyp görkezýän kitaplar, albomlar, suratlar girizildi. Sergi halkymyzyň Garaşsyzlyk döwründe gazananlary we ýurdumyzyň gözel ýerleri baradaky slaýdlary görkezmek bilen utgaşýar.
Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby
Teswirler