Dubaýa türkmen gawunynyň eksportynyň ilkinji tapgyry ugradyldy

Turkmenportal habar saýtynyň, watan habarlary gepleşigine salgylanmak bilen berýän habaryna göra, ýakyn günlerde Dubaýyň bazarlarynda we marketlerinde türkmen gawuny peýda bolar.

Habara göra, bu gawunlar Serdar etrabynyň ekin meýdanlarynda ösdürülip ýetişdirildi. Daýhanlaryň bu süýji önümi bir gektardan ortaça 25-35 tonna alyp bilendigi bellendi. Bu eksport edilen gawunyň görnüşi tötänleýin saýlanylmady. Bu gawunlary, oňaýly tempraturada saklanylanda 25 güne çenli öz häsiýetlerini saklaýar.

Ýokarda ady agzalan gawun görnüşi gülýabydyr. Gülyaby näzik bal tagamy we hoşboý ysy üçin şa zenany gawun hem diýilýär. Türkmen gawunlarynyň ýene bir artykmaçlygy, onuň arzan bahasy. Habarda ýük daşamak gury ýer ulaglary arkaly amala aşyryldy we 8-10 gün dowam eder diýilýär.

Gülnabat Saparowa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
insitutynyň dünýä ykdysadyýeti hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok