Täze haly kärhanasy işläp başlady

«Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň tabşyrygy boýunça Gubadag şäherinde täze çeper haly kärhanasy öz işine başlady. Bu ýerdäki halylara «guşly göl» ýaly gadymy, şeýle hem täzeden dikledilen göller salynýar.

Kärhananyň ýagty otaglarynda çeper elli zenanlar dürli ölçegli we gülli halylaryň birbada ýüz metre golaýyny dokap başladylar. Gubadag etrabynyň dolandyryş merkeziniň Azady köçesinde golaýda işe girizilen kärhana 0,5 ga meýdany tutýar we 150 iş ornuna niýetlenendir. Onuň iki gat binasynda edara jaýy, türkmen halysynyň kiçeňräk müzeýi, önümçilik sehi, ussahana, ammar we ş.m. ýerleşýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok