«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň III ýyl talyby Sapa Sapaýewiň hödürlän goşgulary
“Aşgabat!”
Ak mermer binaly, ak ýolly şäher,
Dünýäň düri, göwheri sen Aşgabat!
Gündiz Günüň, gije Aýyň görk goşar,
Gözelligiň ylhamy sen Aşgabat!
Haýran bolar gujagyňda ýörenler,
Jennet saýar gül goýnuňy gezenler,
Türkmenleriň mesgenidir bu ýerler,
Görmedikleň armany sen Aşgabat!
Başyňda täjiňdir asuda asman,
Säheriň päkize, baglaryň bossan,
Dermansyň derdine ençeme hassaň,
Ýürekleriň melhemi sen Aşgabat!
Gujagyň ak bagta menzil-mekany,
Ýaňlanýar şirwanda şirin mukamy,
Bakylyk eseri, tükenmez many,
Arkadagyň ylhamy sen Aşgabat!
Säherleň mylaýym, gijeleň ýagty,
Mermer bina bolan türkmeniň bagty,
Türkmenistanyň owadan paýtagty,
Gözelligiň naýbaşy sen Aşgabat!
Ak şäherim aşgabat!
Gül Watanyň ýüregi,
Ak şäherim Aşgabat!
Parahatlygyň heňi,
Aşgabat jan Aşgabat!
Goýnuň derdiň melhemi,
Jandan sşýýärin seni,
Arkadagyň ylhamy,
“Ak şäherim Aşgabat”
Söýgiň joşan bahary,
Söýýän şamu-säheri,
Aşyklaryň şäheri,
Ak şäherim aşgabat!
Göwher gaşy zeminiň,
Taryhy geçmiş düýnüň,
Buýsanjy türkmen iliň,
Ak şäherim Aşgabat!
Aşyk saňa görenler,
Joşup waspyň ýazarlar,
Gudrat gören bu ýerler,
Baky ýaşa Aşgabat!
Toýuň ulaşsyn toýa,
Gonuňy besläp güle,
140 ýyllygyň bile,
Gutlaýaryn Aşgabat!
Aşgabat!
Ak mermerden bina sen,
Gözel şäher Aşgabat!
Kalba ylham, sena sen,
Eziz şäher Aşgabat!
Gujagyň bagtyň bagy,
Säheriň ajap çagly,
Sowulmaz bahar-ýazly,
Läle-reýhan Aşgabat!
Aşgabat göwün şadym,
Dünýä ýaýrady adyň,
Gujagňa ýakyn-ýadyň,
Seýran edýär Aşgabat!
Başyň asuda asman,
Çar ýanyň bagy-bossan,
Goýnuňda messan-messan,
Ýöreýin men Aşgabat!
Parahatlyk mesgeni,
Jandan söýýärin seni,
Arkadagyň ylhamy,
Gözel şäher Aşgabat!
Gijäň gündizden ýagty,
Türkmeniň baky bagty,
Gül Watanyň paýtagty,
Ýalkym saçýar Aşgabat!
Aşgabat
Asmana direýär binalaň başy,
Aziýanyň merjeni sen Aşgabat.
Dostluga çagyryp ýakyny-daşy,
Dünýä giň gujagyň açýaň Aşgabat.
Arkadag döreden ajap eseri,
Buýsanjymdan gök diredi bu seri,
Jennetiň behişdi, baky bahary.
Älem gözelligne taý sen Aşgabat.
Paýtagty sen baky Bitarap ýurduň,
Arkadagym sarsmaz döwleti gurduň,
Saýaňda seýl etdim, düzüňde ýördüm,
Ösüşlerňe boldum haýran Aşgabat.
Arkadaga alkyş alkyşlar saýy,
Merjen Aşgabadym gijeleň Aýy,
Ýurdunda döreden jenneti-jaýy,
Lider paýhasyndan dörän Aşgabat.
Teswirler