“Ýigit” 50 gektarda paprika ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýär

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän “Ýigit” hojalyk jemgyýeti paprika görnüşli bolgar burçuny ösdürip ýetişdirmegiň meýdanyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat relizinde habar berilýär.

Kärhanada geçen hasyl möwsüminde paprika ýyladyşhana şertlerinde 5 gektar meýdanda synag görnüşinde ösdürilip ýetişdirildi. Synagyň netijesinde gowy hasyl alnandygy aýdylýar.

Şu ýylyň önümçilik meýilnamalaryna laýyklykda, paprika ekilýän meýdany 50 gektara çenli giňeltmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu ugurda degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

“Ýigit” hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda döwrebap ýyladyşhana toplumlaryny işleýär. Kärhanada pomidor bilen birlikde beýleki gök önümleri ösdürip ýetişdirmek arkaly önümçiligiň ugurlaryny giňeltmäge üns berilýär.

Metbugat relizinde kärhananyň ýaşlaryň 3 müň 700-den gowragyny iş bilen üpjün edýändigi hem bellenilýär.

Çeşme: TSTB — metbugat relizi

Comments

No comments found.