F.F. Martens adyndaky halkara ynsanperwer hukugy boýunça bäsleşik geçirildi

2025-nji ýylyň 21–25-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar topary Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň guramagynda Russiýanyň Moskwa şäherinde geçirilen, halkara derejesinde ýokary abraýa eýe bolan F.F. Martens adyndaky halkara ynsanperwer hukugy boýunça bäsleşige gatnaşdy. Olar dünýäniň dürli ýurtlarynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda üstünlikli çykyş edip, mynasyp netijeleri gazandylar.

Türkmenistanyň wekilleri bu bäsleşige birnäçe ýyllaryň dowamynda yzygiderli gatnaşyp gelýärler. Bäsleşik GDA döwletleriniň öňdebaryjy hukuk ugrundan bilim berýän ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda geçirilýär we ony Halkara Gyzyl Haç Komiteti gurnaýar.

Bu ýyl Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Dürli Ballyýewanyň ýolbaşçylygyndaky talyplar — Intizar Tagannyýazowa, Begmuhammet Ataýew we Ýusup Karataýew — bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar. Jemi 11 döwletiň ýokary okuw mekdeplerinden gelen 28 topar gatnaşan bu bäsleşik ýokary derejesindäki çekeleşikler bilen tapawutlandy.

Bäsleşigiň netijesinde, Türkmenistanyň wekiliýetiniň taýýarlyk derejesi eminler tarapyndan ýokary baha aldy. Eminler toparlaryň halkara ynsanperwer hukugy boýunça bilim derejesini, çylşyrymly meselelerde pikir alyşmak, argumentler bilen çykyş etmek we çalt çözgüt tapmak ukybyny aýratyn bellediler. Netijede, ýurdumyzyň talyplary diplom bilen sylaglandylar.

Ýusup KARATAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok