“Turkmentextile Expo-2025” atly halkara sergi-ýarmarka geçiriler

11–13-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Turkmentextile Expo-2025” atly halkara sergi-ýarmarka geçiriler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň maglumatyna görä, bu çäre ýurdumyzyň dokma senagatyndaky üstünliklerini giň köpçülige görkezmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat eder.

Sergide dokma enjamlary, nah çig malyny gaýtadan işlemek, egin-eşik, aýakgap we öý hojalygy üçin esbaplar ýaly dürli ugurlar bilen tanyşmak mümkindir. Mundan başga-da, sergide himiki serişdeler, boýag we bezeg önümleri, mebel hem-de häzirki zaman tehnologiýalarynyň täze işläp taýýarlamalary görkeziler.

Bu halkara çäre dünýäniň dokma we moda senagatynda öňde baryjy kompaniýalaryň wekillerini, täze önümleri öndürýän firmalary we zehinli dizaýnerleri bir ýere jemlär.

“Turkmentextile Expo-2025” gatnaşyjylara dokma pudagyndaky iň täze gazanylanlar bilen tanyşmaga, hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga we täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga giň mümkinçilikler döreder.

Laçyn HÜMMEDOWA, 

TDP-niň Tagtabazar etrap komitetiniň
EHM operatory.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok