Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça başyny başlan işleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Energetika toplumy Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe. Şoňa görä-de, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak wajyp ugurlaryň biridir. Häzirki wagtda bu ugurda alnyp barylýan işler özüniň guwandyryjy netijelerini-de berýär. Munuň şeýledigine günibirin şaýat bolýan taryhy wakalarymyzyň, ýerine ýetirilen işleriň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda elektroenergetika düzüminiň iri desgalarynyň açylyş we düýbüniň tutulyş dabaralary geçirilýär. Toplumdaky ägirt uly gurluşyklar berkarar Watanymyzyň diňe bir ykdysady kuwwatynyň däl, eýsem, üstünlikli dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň aýdyň netijesidir. Şeýle-de türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirilýän halkara forumlar daşary ýurtly hünärmenler bilen bu pudak boýunça toplanan tejribeler babatda özara pikir alyşmaga ýardam edýär. Gönükdirilýän ägirt uly maýa goýumlar we pudagy döwlet tarapyndan goldamak boýunça görülýän oňyn çäreler il-günüň abadan durmuşy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy wezipesi hökmünde kesgitlenendigini aýdyň tassyklaýar.
Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak babatda ýaýbaňlandyrylan iri maksatnamalaryň çäklerinde elektrik üpjünçilik talaplaryna doly laýyk gelýän, dünýä belli önüm öndürijileriň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap gaz turbinaly elektrik stansiýalary, elektrik geçiriji ulgamlar, elektrik paýlaýjy beketler gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenilýär. Belli bolşy ýaly, geçen ýylda ýokary woltly Balkan — Daşoguz elektrik geçiriji ulgamynyň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan 2 sany elektrik bekediniň açylmagy berkarar Watanymyzyň elektroenergetika pudagynda şanly wakalaryň biri boldy. Munuň özi ýurdumyzda hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işleriň üstünlikli tamamlanandygynyň nyşanyna öwrüldi. Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda güýjenmesi 220 kilowolt bolan täze “Etrek” elektrik bekediniň, Aşgabat şäherinde hem güýjenmesi 110 kilowolt bolan “Bagyr” elektrik bekediniň açylyş dabaralary geçirildi. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak boýunça işlere hem uly üns berilýär. Häzirki wagtda Balkan welaýatynda köpugurly Gün we ýel elektrik bekediniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu desganyň ulanmaga berilmegi sebitde täze gurulýan obalary ekologik taýdan arassa elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Soňky ýyllarda energetika senagatynyň önümçilik kuwwatynyň ep-esli artmagy diňe bir ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny kepillendirmek babatda däl, eýsem, elektrik energiýasyny, ilkinji nobatda, goňşy döwletlere eksport etmek mümkinçiliklerini-de düýpli giňeldýär. Durmuşa geçirilýän iri halkara taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyň çekilmegi hem şu maksatlara gönükdirilendir. Bu taslama diňe bir goňşy Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine däl, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine-de ýurdumyzyň goşan uly goşandy bolar. Bularyň ählisi, ata Watanymyzda mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine gönükdirilen beýik işleriň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem üstünlikli dowam etdirilýändigine bolan ynamy, buýsanjy has-da artdyrýar.
Ärnazar ERLEKOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň Roman-german dilleri we
edebiýaty fakultetiniň Iňlis dili we
edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler