Türkmen-Ýapon ykdysady gatnaşyklary ösdürilýär

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky diplomatik we ykdysady gatnaşyklar soňky ýyllarda täze ösüş tapgyryna gadam basdy. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk syýasy, ykdysady, medeni we bilim ulgamlarynda giň gerime eýe bolup, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen has-da pugtalandy.

Türkmenistan bilen Ýaponiýa 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şondan bäri, ýokary derejeli saparlaryň we hökümetara gepleşikleriň üsti bilen gatnaşyklaryň täze ugurlary açylýar. Ýaponiýa Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny goldaýan ýurtlaryň biri bolup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin birnäçe ylalaşyklara gol çekildi.


Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary Türkmenistanda iri senagat taslamalaryny amala aşyrýarlar. Hususan-da Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary türkmen gaz we himiýa senagatyna maýa goýýarlar. Lebap welaýatynda ammiak we karbamid önümçiligi boýunça zawodyň gurulmagy hem bu hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir.
Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegi üçin täze ugurlar açylýar. Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň berk binýadyna esaslanýar.


Aýlar Jumaýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok