Arkadag şäheri — döwrebap şäher

Ajaýyp zamanamyzyň her bir güni ösüş-özgerişlere, buýsançly wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän asylly işleri halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Sebitde ilkinji gezek «akylly» şäher konsepsiýasyna esaslanylyp, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bina edilýän Arkadag şäheri hem bu hakykatyň aýdyň nyşanydyr.

Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk we inžener-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýär. Muňa mysal edip, “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk operatory tarapynda 3G we 4G standartlary boýunça işleýän binýatlaýyn enjam ornaşdyryldy. Mundan başga-da, Arkadag şäheriniň seýilgählerinde we seýilbaglarynda Wi-Fi zolaklary göz öňünde tutuldy.

Ýene-de bellemeli esasy zatlaryň biri bu şäherde GPON tehnologiýasy hereket edýär. Ýagny GPON tehnologiýasy bir kabel boýunça birnäçe aragatnaşyk hyzmatyny almagy göz öňünde tutýar.

Şeýle hem “Türkmenaragatnaşyk” agentligi täze şäherde “LoRaWAN” sim geçirijisiz aragatnaşygynyň häzirki zaman protokolynyň esasynda işleýän enjamy ornaşdyryldy. Bu tehnologiýa öý eýelerine enjamlaryny uzak aralykdan dolandyrmaga hem-de energiýany tygşytlamaga ýardam berýär.

«Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyk gelýän çözgütleriň bir böleginiň soňky ýyllarda paýtagtymyzyň täze ýaşaýyş toplumlarynda ornaşdyrylyp başlanmagy, diňe häzirki däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem ýokary isleglerini kanagatlandyrmak bilen, ýaşaýşyň hilini gowulandyrar, täze ykdysady mümkinçilikleri açar.

Aşyrmyrat SUHANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok