Üns beriň, zäherlenmäň!

Kömelek çöplemezden öň çagalar bilen düşündiriş işlerini geçirmeli. Kömelekleri çöplemek ir bilen, howanyň sergin, maýyl wagty amatlydyr. Bu şertlerde kömelekler ter, özboluşly, hoşboý ysly we ýokumly bolýar.

Bahar paslynyň gelmegi bilen türkmen topragy lälezarlyga öwrülýär. Baharda tebigat ynsana dürli görnüşli nygmatlary eçilýär. Ýurdumyzyň dag eteklerinde, çöllerinde, baýyrdyr düzlerinde tebigy aýratynlygy bilen tapawutlanýan dürli kömelekler güberçekläp çykýar we domalan kömelegi ösüp ýetişýär. Kömelek tagamly we ýokumly önüm. Onuň düzüminde köp mukdarda beloklar, ýaglar, mineral maddalar, mikroelementler, demir, kalsiý, sink, kaliý, fosfor, kükürt, B1, B2, PP, D toparyna degişli witaminler saklanýar.

Biziň ýurdumyzda, esasan, gelin kömelekler, domalan köp ýetişýär. Gelin kömelek ak, açyk ýa-da garamtyl goňur, kä ýagdaýlarda gyrmyzy reňkli, özboluşly, hoşboý ysly bolýar. Domalan tebigatda dürli görnüşde duş gelýär. Türkmenistanda onuň iki görnüşi, ýagny gara we goňur domalan duş gelýär. Kömelek ganazlyk we sowuklama bilen näsaglananda has peýdaly. Iýmit siňdiriş we öt çykaryjy ýollarynyň, böwregiň, ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde kömelegi köp iýmek maslahat berilmeýär.

Kömelekler iýilýän we iýilmeýän zäherli kömeleklere bölünýär. Olar meýdanda garyşyk ösýär. Şonuň üçin kömelek gözlemek isleýän bolsaňyz, onda hökmany suratda bu ösümligi tanaýan adamlar bilen birlikde gitmeli. Tanalmaýan kömelekleri ellemekden saklanmaly, esasan, bu ýagdaý çagalara degişli.

Ýatda saklaň! Diňe oňat bilýän kömelekleriňizi ýygnaň. Kömelekler çöplenende tagamyny barlajak bolup, olary dadyp görmäň. Kömelekleri aşak ýa-da gapdallaýyn ýatyryp, örülen sebede ýa-da matadan tikilen haltajyga ýygnamaly. Kömelekleri polietilen haltajyga ýygnamak maslahat berilmeýär, sebäbi olaryň aglaba bölegi suwdan ybarat we az wagtyň içinde ezilip zaýalanmagy, zäherlenme ýaly keseliň döremegi mümkin.

Kömelek ýygnalanda onuň terligine, sagdynlygyna, bitewüligine üns bermeli. Şikeslenen, reňki solan, mynjyran, telpejigi epilen, garalan, içi goňur tegmillerden doly, ýakymsyz ysy bolan kömelek özüniň iýmitlik derejesini ýitirýär. Polietilen haltajyklara ýygnalan kömelegi satyn almaň. Kömeleklerdäki köp mukdarda saklanýan zäherli maddalar (toksinler) adam üçin howply bolup, ol bedeni güýçli zäherleýär. Kömelegiň dürli görnüşlerinden iýmit zäherlenmesiniň alamatlary — garynda agyry, sanjynyň döremegi, ýürek bulanma, gaýtarma, baş aýlanma, ysgynsyzlyk, içgeçme, gan basyşynyň haýallaşmagy ýüze çykan ýagdaýynda haýal etmän «Tiz kömek» gullugyna ýüz tutmaly. Kömelegi bir gije-gündizden köp saklamaly däldir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok