Arkadagly Serdarymyzyň ekologiýa syýasatynyň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti

Ýurdumyzda tebigaty goramak, baýlaşdyrmak Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda möhüm başlangyçlaryň başyny başlaýjy we durmuşa geçiriji hökmünde çykyş edýär. Tebigata aýawly çemeleşmek meselesi ýurdumyzda kabul edilýän kanunçylyk namalary bilen hem berkidilýär.

Ata Watanymyzda daşky gurşawy goramakda, tebigy serişdeleri aýawly saklamakda we peýdalanmakda asylly ýörelgelere eýerilýär, dünýä we milli tejribelere daýanylýar. Irki döwürlerden bäri bag ekmek we arassa daşky gurşawy emele getirmek halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup gelýär. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda her ýylda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň çäklerinde millionlarça bag nahallarynyň ekilmegi ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň has-da baýlaşmagyna, daşky gurşawyň arassa bolmagyna ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar» diýip nygtap geçmegi bu meseläniň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini görkezýär.

Ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan berkarar ýurdumyzda tebigaty goramak we ekologiýa howpsuzlygy boýunça kanunçylyk-hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hojalyk we beýleki iş amala aşyrylan mahalynda ekologiýa howpsuzlygy babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary muňa mysal bolup biler. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramakda, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde nusgalyk işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Orazjahan ORAŞOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok