Merkezi Aziýa bilermenleriniň V forumy geçirildi

Şenbe güni türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Halkara
gatnaşyklary institutynda “Howanyň üýtgemegi, suwdan peýdalanmak, azyk howpsuzlygy we Merkezi Aziýa sebitinde maglumat we aragatnaşyk
tehnologiýalary boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň işjeň ugurlary” atly
Merkezi Aziýa bilermenleriniň V forumy geçirildi.

Forumda esasan bilermenleriň arasynda esasy üç mesele boýunça, ýagny
“BMG-nyň Klimatyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny
nazara almak bilen Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we Aral deňziniň basseýninde suw hyzmatdaşlygy”, “Merkezi Aziýa sebitinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri” we “Merkezi Aziýa sebitinde maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda
howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri” boýunça sessiýalar geçirildi.
Foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň ylmy we seljeriş merkezleriniň
wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we mugallymlary we
hünärmenleri we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Mundan başga-da forumda Aral deňzini halas etmek ugrundaky meselä
aýratyn seredildi. Belläp geçsek, Türkmenistan ýurdumyz bu ugurda uly
işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda “Araly halas
etmegiň halkara gaznasy” döredildi.

Bu forum sebit döwletleriniň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmekde we
mundan beýläkde ösdürmekde ägirt uly ähmiýete eýe boldy.

KAKAGELDI AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok