- Süýt gadymy döwürlerden bäri adamyň gündelik iýmitiniň möhüm bölegi bolup, sygyr süýdünden birnäçe önümler taýýarlanylýar.
- Bir kilogram süýtde 32 gram belok bolup, bu mukdary boýunça 4-5 towuk ýumurtgasyna deňdir.
- Dünýä boýunça her ýylda 580 million litr süýt sarp edilip, bu bir günüň dowamynda 1,5 million diýmegi aňladýar. Şeýle hem, munuň üçin günde takmynan 105 müň sygyr sagmaly bolýar.
- Süýdüň düzüminde adam organizmi üçin gerekli bolan: beloklar, süýt şekeri, witaminler, mineral duzlar, suw, organiki kislotalar, fermentler, garmonlar, pigmentler we başgalar saklanýar.
- Fiziki taýdan has çalt gurplanmak üçin türgenleşiklerden soňra energiýa berýän içgileriň ýerine süýt içmek maslahat berilýär. Sebäbi süýdüň düzümindäki witaminler we mikroelementler arkaly myşsalaryň agramyny ýokarlandyrýar. Süýdüň ýagy bolsa, adam bedenindäki ýag ýygnanmalary dargatmaga ýardam edýär.
- Sygyr süýdüniň düzüminde adamlar üçin sekiz esasy aminokislotany öz içine alýan kazeiniň köp mukdary saklanýar.
- Ýyldyrym çakanda süýt turşap biler. Bu bolsa tolkunly elektromagnit impulslaryň islendik madda aralaşmagy bilen baglanyşyklydyr.
- Ýagtylykda süýdüň düzümindäki köp peýdaly maddalar ýok bolýar. Şonuň üçin hem süýdi açyk gapda saklamak maslahat berilmeýär.
- Süýt we süýt önümleriniň siňňitliligi 95-98 göterime barabardyr.
- Süýdi göze görünmeýän syýa hökmünde ulanylyp, kagyzy gyzdyryp oňa ýazylan hatlary okamak bolar.
- Süýdüň düzüminde 80 töweregi peýdaly mineral element bolup, onuň düzümi takmynan 90% – i suwdan durýar.
Merjen MYRADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler