ABŞ – 2030-njy ýyla çenli 3 milliard agaç ekmegi maksat edinýär

Ýewropa Bileleşigi 2030-njy ýyla çenli “Ýaşyl Barlyşyk” meýilnamasynyň çäginde Ýewropada 3 milliard agaç ekmegi meýilleşdirýär.

Ýewropa yklymyny howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawa ýetirýän täsirlerine garşy üýtgetmek meýilnamasy bolan Ýaşyl şertnamanyň çäginde tokaýlary giňeltmek strategiýasy durmuşa geçirilýär. Şol çäkde ekologiki ýörelgeleri göz öňünde tutulyp, 2030-njy ýyla çenli yklymda 3 milliard täze agaç ekmek meýilleşdirilýär. Şeýlelik bilen, tokaý ýerlerini giňeltmekden başga-da, biodürlüligiň ýitmegini duruzmak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak maksat edinilýär.

Bu maksat bilen Ýewropa Bileleşiginiň Komissiýasy döwlete degişli däl guramalar, kompaniýalar, daşky gurşaw guramalary, jemgyýetçilik guramalary we häkimlikler, şeýle hem ýer eýeleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Agaç ekmek boýunça ady agzalyp geçilen edaralar Ýewropa Bileleşigine näçe agaç ekilendigini hasabat berýärler. Komissiýa tarapyndan taýýarlanan we internetde yzarlanylýan hasapda şu wagta çenli kime we näçe agaç ekilendigi görünýär. Häzirki wagta çenli 1 milliarddan gowrak agaç oturdyldy.

Ýewropa Bileleşiginiň Komissiýasynyň maglumatlaryna görä, 2010-2015-nji ýyllar aralygynda Ýewropa ýurtlarynda her ýylda ortaça 300 million agaç oturdyldy. Bu sany iki esse köpeltmek 3 milliard agaç ekmek maksadyna aňsatlyk bilen ýetiler diýlip çaklanylýar.

Mähri HAJYMÄMMEDOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok