Daşoguz welaýatynda güýzlük käşir ýygymy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Welaýatda bu ekiniň hasylyny ýygmak boýunça göz öňünde tutulan tabşyrygy Görogly etrabynyň daýhanlary üstünlikli ýerine ýetirdiler. «Magtymguly» daýhan birleşiginiň ekerançylary ekin meýdanlaryndan 37 tonna käşir ýygdylar. «Zaman», «Durdy Gylyç» we «Aksaraý» daýhan birleşiklerinde hem käşirden bol hasyl alnyp, göz öňünde tutulan meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi.
Daşoguz welaýatynda güýzlük käşiriň hasyly 93 tonna barabar bolup, bu meýilleşdirilen görkezijiden ýokar bolup durýar. Häzirki wagtda hem Boldumsaz etrabynyň «Medeniýet», «Akgala», «Bereket», şeýle hem Köneürgenç etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň daýhanlary bu ekiniň hasylyny meýdanlardan güýçli depgin bilen ýygnaýarlar.
Şu ýyl Daşoguz welaýatynda güýzlük käşir dört etrabyň ekin meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilip, her gektardan 180 sentner hasyl almak bilen, degişlilikde 360 tonna hasyl ýygnamagy göz öňüne tutulýar. Belläp geçsek, şu ýyl welaýatda 18,5 müň tonna ýazlyk käşiriň ýygnaldy.
Demirgazyk sebitde gök önüm öndürmek oba hojalygynyň esasy pudaklaryndan biridir. Gök önümi ösdürip ýetişdirmek sebitiň howa şertlerini we ýer-suw gorlaryny göz öňünde tutmak bilen, ylmy esasda amala aşyrylýar.
Hangeldi ATAMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler